-
23
Maý
“Türkmen halysynyň baýramy” mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti we Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen bilelikde “Türkmen halysynyň baýramy” mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler biziň ene-mamalarymyzdan miras galyp biziň şu günlerimize gelip ýeten, dünýäde deňi-taýy bolmadyk, şan-şöhrata beslenen türkmen halylarymyzyň taryhy we şu güni hakynda gürrüň etmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat” hem-de “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaplary hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Haly türkmen medeniýetiniň iň gymmatly hem kämil mirasydyr. Halylar ussat gelin-gyzlarmyzyň köp asyrlyk döredijilikli zähmetiniň miwesidir. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.