TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI «TÜRKMEN HALYSY — MILLI BUÝSANJYMYZ» ADY BILEN EDEBI DUŞUŞYK DABARASY GEÇIRILDI

  • Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmen halysy — milli buýsanjymyz» ady bilen edebi duşuşyk dabarasy geçirildi

    Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmen halysy — milli buýsanjymyz» ady bilen edebi duşuşyk dabarasy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmen halysy — milli buýsanjymyz» ady bilen edebi duşuşyk dabarasy geçirildi.

    Taryhyň dowamynda adam eli bilen döredilen maddy medeniýetiň ajaýyp nusgalarynyň arasynda türkmen halysy möhüm orun eýeleýändigi, kalby gözellige teşne gelin-gyzlarymyzyň ýüreginiň yhlasy, on barmagynyň hünäri, ýüzüniň tuwagy bolan inçeden berk dokalan halylaryň her bir nagşy ummasyz bir manyny aňladyp, gözelligiň soňlanmajak aýdymy bolup ýaňlanýandygy, nazaryň düşenden seni özüne bendi edýän halylarymyz “Görmäge göz gerek, taryp etmäge söz gerek” diýleni barada, şeýle-de gözel halylary dokamakda Beýik Biribar türkmen zenanlaryna hünär, zehin eçilip bilendigi barada gürrüň edildi.

    Dabaranyň çäklerinde “Haly-halkymyzyň ajaýyp sungaty” atly kitap sergisi guraldy. Sergide hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary hem-de türkmen medeniýetine we sungatyna degşli kitaplar sergilendi.