-
13
Noýabr
"Türkmen keçesi"
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi 13.11 senesinde kitaphana synyny geçirdi. Bu kitaphana synynda “Türkmen keçesi” atly 3 dilde ýazylan kitaba syn berildi. Türkmeniň milli mirasy bolan türkmen keçeleri baradaky bu kitap barada hem giňişleýin gürrüň berildi. Türkmen halkynyň gadymy sungaty bolan keçe taýýarlamaklygyň taryhy, gelip çykyşy, hem-de taýýarlamaklykda gerek bolan boýaglaryň reňkiniň tebigy zatlar bilen boýalyşy barada gyzykly maglumatlar aýdyldy. Şeýle-de ýurdumyzda uly gyzyklanma bilen okalýan “Bereketli toprak” gazetinden hem çykyş edildi. Bu döwürleýin neşirde örän gyzykly jümle-jahandan habarlar hem ýerleşdirilendir. Bu täsin habarlar barada hem aýdylyp geçildi. Şeýle giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunymyzy aýdýarys!