“TÜRKMEN RUHUNYŇ ALMAZ TÄJI” ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY

  • “Türkmen ruhunyň almaz täji” atly baýramçylyk dabarasy

    “Türkmen ruhunyň almaz täji” atly baýramçylyk dabarasy

         Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň  beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň  300 ýyllygy mynasybetli “Türkmen ruhunyň almaz täji” ady bilen  baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler “Pähim –paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyllynda milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýanlygyny, akyldar şahyrymyzyň Magtymguly Pyragynyň eserleriniň üsti bilen sahawatlylyk, halallylyk, päklik, il-güne wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleriň öňe sürülýändigi  hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Baýramçylyk dabaranyň çäginde “Berkarardyr bu gün ýurduň Pyragy” ady bilen giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.