-
11
Ýanwar
«Türkmen ruhunyň täji — Magtymguly Pyragy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de onuň ýol-ýörelgesini dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Gündogaryň beýik alymy, türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ebedileşdirmekde, dünýä ýaýmakda halkara derejesinde uly işler amala aşyryldy.
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany — Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy hem-de beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen ruhunyň täji — Magtymguly Pyragy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabarada Döwlet kitaphanasynyň müdiriniň orunbasary Altyn Kakaýewa, «Nebit-gaz» gazetiniň uly habarçysy, «Magtymguly Pyragy» ýubileý nyşanynyň eýesi Akgül Saparowa, Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň kitaphanaçysy, «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly adyň eýesi Oguljemal Orazdurdyýewa, Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň kitaphanaçysy, «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly adyň eýesi Akjemal Saparowa, Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň müdiri Ogulhally Annagurdowa dagylar çykyş etdiler.
Dabara gatnaşan ýazyjylardyr kitaphana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň adyny baýdak edinip, şonuň ýaly-da halkymyzdan gelip gowşan ençeme tekliplerden ugur alnyp, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany — Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilendigini we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bu ýylda ençeme işleriň amala aşyryljakdygyny hem-de beýik şahyryň giň dünýägaraýyşly, ylymy ýetik, öňdengörüji filosof alym hökmünde dünýä akyldarlary tarapyndan ykrar edilendigini çykyşlarynyň dowamynda nygtap geçdiler. Taryhy şahsyýetlerimizi öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.