“TÜRKMENIŇ SAÝRAK BILBILI ” ATLY KITAP SERGISI

  • “Türkmeniň saýrak bilbili ” atly kitap sergisi

    “Türkmeniň saýrak bilbili ” atly kitap sergisi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet
    kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga
    zalynda “Türkmeniň saýrak bilbili ” atly kitap sergisi gurnaldy.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
    “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan
    ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde
    türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini,
    däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy.
    Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen,
    halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-
    dessurlary täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň
    köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredildi. Kitap
    sergisinde türkmen medeniýetinde öçmejek yz goýan beýik
    şahsyýetlerimize bagyşlanan kitaplar öz beýany tapýar. Gahryman
    Arkadagymyz: “Biz öz sungatymyza, medeniýetimize hyzmat edip,
    mynasyp goşant goşan adamlara guwanmaga haklydyrys” diýip belläp
    geçýär. Medeniýetimiziň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri
    Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
    Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak
    bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini
    tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.