«TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY» ÝYLYNA BAGYŞLANYP, MASLAHAT GEÇIRILDI

  • «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp, maslahat geçirildi

    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp, maslahat geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphasynyň ilkinji partiýa guramasy hem-de Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan bilelikde “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlanyp, maslahat geçirildi. Onda Bitaraplygymyzyň gazanan netijeleri barada şeýle-de, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda uly işleri durmuşa geçirmekde hemmämiziň mukaddes borjumyzdygy nygtaldy. Döwlet kitaphanasynda ençeme ýyllap, tapawutly işlän kitaphana işgärleriniň birnäçesine höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy.