-
15
Oktýabr
«Türkmenistan milli Lider bilen parahatçylyk we ösüş ýolunda» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi
2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda TDMM-niň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky döwlet, welaýat, merkezi etrap, şäher kitaphanalarynyň we kitaphana şahamçalarynyň hünärmenleriniň arasynda “Türkmenistan milli Lider bilen parahatçylyk we ösüş ýolunda” atly yglan edilen bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Ýedi şertden ybarat bolan bu bäsleşik düzgünnama esasynda ýylyň başyndan başlap merkezi etrap, şäher , welaýat kitaphanalarynda tapgyrlaýyn geçirildi. Bäsleşigiň esasy şertleriniň biri hem bu bäsleşige gatnaşyjy kitaphana hünärmenleriniň ýylyň dowamynda kitaphanalarda ýazyjy şahyrlar we zähmet weteranlary bilen geçiren döredijilik duşuşyklaryny beýleki kitaphanalaryň hünärmenleri bilen ONLAÝN tertibinde geçirilmegi, hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzyň kitaphanalaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda döredip berýän mümkinçilikleriniň oňyn netijesi bolup durýar.
Bu bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň diplomlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan gymmatbaha sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda geçirilen bu bäsleşik kitaphana hünärmenlerini mundan beýlägem has-da döredijilikli işlemeklige höweslendirdi.