«TÜRKMENISTAN ÖŇE BARÝAR EZIZ ARKADAG BILEN»

  • «Türkmenistan öňe barýar eziz Arkadag bilen»

    «Türkmenistan öňe barýar eziz Arkadag bilen»

    Gatnaşanlar: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçylar topary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri we myhmanlar.

    Çykyş edenler: Ogulbeg Jumaýewa-„Nesil“ gazetiniň bölüm redaktory. Dursun Tekäýewa-„Adalat“ gazetiniň uly habarcysy. Oguljemal Orazdurdyýewa-Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň 1-nji derejeli kitaphanaçysy,Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri. Baýrambibi Ataýewa -Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň bölümçe müdüri.

    Jumaýewa O:. Milli medeniýetimiz, sungatymyz halkymyzyň ruhy ýüzüdir, aň-düşünje derejesidir. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp mähriban Arkadagymyz milli medeniýetimizi, sungatymyzy gorap saklamaga, has-da ösdürmäge, baýlaşdyrmaga uly üns berip, bu ugurda döwlet derejesinde düýpli işleri amala aşyrýar. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine we kämilleşmegine uly goşant goşan medeniýet, sungat ussatlarymyz abraýly döwlet sylaglaryna, hormatly atlara, Şa serpaýlaryna mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan ähli medeniýet we sungat işgärlerini tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler ýar bolsun!

    Tekäýewa D: Hormatly Prezidentimiziň: „Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny almagy diňe bir Türkmenistanyň raýatlarynyň däl, taryhyň dürli döwürlerinde ýer ýüzüniň ençeme ýurtlaryna düşen ildeşlerimiziň hem ykbalyna täsir etdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwleti dünýäniň ähli türkmenleriniň ata Watanyna öwrüldi“ diýşi ýaly, Garaşsyzlyk olary-da berkarar Watanly etdi. Parahatçylygymyzyň , asuda asmanymyzyň kepili bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň gözbaşynda-da Garaşsyzlyk gudraty durandyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bellenilýän Garaşsyzlygyň 28 ýyllyk toýy bilen ähli ildeşlerimizi gutlady. Şeýle hem öz ýürek buýsanjyny „Ene“, „Arkadag“, „Ýaşa Garaşsyzlyk“ atly goşgularyny okap bermek bilen beýan etdi.

    Orazdurdyýewa O: Bäş müňýyllyk şöhratly geçmişi, şu günki bagtyýarlygy, aýdyň geljege bolan ynamy bilen ösüşlerden nurlanýan her güni belent sepgitleri nazarlaýan Garaşsyz Diýarymyzy gün kibi çoýýan milli Liderimiziň başda durmagynda haýran galdyryjy derejede özgerýän Türkmenistan Watanymyzy görmäge göz gerek taryplamaga söz gerek. Ata Watanymyzyň nurana geljegini sagdyn, bilimli, ruhubelent ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi, okamagy, döretmegi, işlemegi hem-de oňat dynç almagy barada taýsyz tagallalar edýär. „Türkmenistan rowaçlygyň Watany“ ýylynda ýaşlar üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

    Ataýewa B: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýylynda geçirilýän“Türkmenistanöňe barýar eziz Arkadag bilen” atly baýramçylyk çäresi bilen , şeýle hem ýetip gelýän Türkmenistanyň halk maslahaty we ,Mukaddes şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bize şu ajaýyp bagtyýar durmuşy peşgeş beren Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdi. Şeýle hem özüniň Ýürek buýsanjyny goşgy setirlerine geçirip „Arkadagyň ýoly bilen“, “Garaşsyzlyk baýramyn“,“Ýoluňyz rowan Arkadag“, „Bitarap Türkmenistan“ atly goşgularyny labyzly edip okap berdi.