-
26
Sentýabr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde “Pyragy we Arkadag – ömrümize şamçyrag” atly tegelek stolyň başynda söhbetleşik geçirildi.
“Pähim-paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýyly mynsybetli Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiligini dabaralandyrmak, Berkarar Döwletimizde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer işlerini wagyz etmek, Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň majlisinde beýik ynsanperwerlik gymmatlyklarymyzy, parahatçylykly hem-de döredijilikli milli döwletlilik ýörelgelerimizi dabaralandyrmak baradaky gymmatly maslahatlaryny wagyz etmek, Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerini many-mazmunyny düşündirmek arkaly ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini güýçlendirmek, olaryň watançylyk duýgularyny, ylym-bilime, milli mirasa, maşgala mukaddesligine bolan düşünjelerini ösdürmek maksady bilen geçirlen söhbetleşigiň ahyrynda çykyş edenler ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.