TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYŇ SEÝREK NEŞIRLER BÖLÜMI BILEN BIBLIOGRAFIÝA BÖLÜMINIŇ BILELIKDE GURNAMAGYNDA “GADAMY BATLY, BAKY ŞÖHRATLY BEDEW’’-ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GURNALDY.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi bilen  Bibliografiýa bölüminiň bilelikde gurnamagynda  “Gadamy batly, baky şöhratly bedew’’-atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi bilen Bibliografiýa bölüminiň bilelikde gurnamagynda “Gadamy batly, baky şöhratly bedew’’-atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzda akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi bilen Bibliografiýa bölümi tarapyndan “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilenligi baradaky şahadatnamanyň gowşyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Gadamy batly, baky şöhratly bedew’’-atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan ”Bedewim tylla tagtym”atly kitap sergi hem gurnaldy. Söhbetdeşlikde türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelendigini, atçylyk sungatynyň ösmegine belli seýis Aba Annaýewiň hyzmatynyň bimöçberdigi giňden nygtalyp geçildi we ol barada gymmatly maglumatlar aýdyldy.

       Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini söhbetdeşligiň ahyrynda tüýs ýürekden arzuwlar edildi.