TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYŇ SEÝREK NEŞIRLER BÖLÜMINDE “ARKADALY SERDARLY EZIZ WATANYM-TOÝ-TOÝLAÝAR PYRAGYNYŇ ŞANYNA”- ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölüminde “Arkadaly Serdarly eziz Watanym-toý-toýlaýar Pyragynyň  şanyna”- atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölüminde “Arkadaly Serdarly eziz Watanym-toý-toýlaýar Pyragynyň şanyna”- atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň
    Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Arkadaly Serdarly eziz Watanym- toý-
    toýlaýar Pyragynyň şanyna”- atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
    Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
    döwründe, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Magtymguly Pyragynyň
    döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgelmek we ony giňden wagyz
    etmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.Ýurdumyzda 2024-nji
    ýylyň “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan edilmegi
    Akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de
    gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip
    giňişleýin gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphananyň baý
    gaznasyndan “Magtymguly Pyragy – şygyrýet älemiň çyragydyr” atly kitap
    sergisi gurnaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler dünýä edebiýatynda
    öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň
    milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
    Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ,ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp
    barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.