TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA “AHALTEKE ATLARY –MILLETIŇ GUWANJY” ATLY ÇÄRE GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ahalteke atlary –milletiň guwanjy” atly çäre geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ahalteke atlary –milletiň guwanjy” atly çäre geçirildi.

           “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň dabaraly gowşurylyşy bilen baglanyşykly çäre geçirildi.

            Biz hem öz gezegimizde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlaryny TDMM-niň Döwlet kitaphanasyna myhmançylyga çagyrdyk. Bu çärede çykyş edenler, gamyşgulak bedewlerimize ýurdumyzdaky berilýän ünsüň uludygyny belläp geçdiler, şeýle hem milli hödürnamanyň gowşurylmagy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda inçe billi bedewler barada ajaýyp maglumatlar aýdylyp, örän täsirli boldy. Çärämiziň dowamynda “Türkmen aslyýeti ganynda bedew” atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisi, çärä gatnaşyjylar üçin, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlaryny almaga giň mümkinçilikleri döretdi.