TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA “ALTYN ASYR” TELEÝAÝLYMY BILEN BILELIKDE, GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ GYMMATLY KITAPLARYNDA MAGTYMGULY PYRAGY HAKYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplarynda Magtymguly  Pyragy hakynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplarynda Magtymguly Pyragy hakynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Çykyş edenler Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy, Gahryman
    Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly,ynsan kalbynyň öçmejek nurydyr. Berkarar döwletiň täze
    eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň
    sarpasy diýseň belentden tutulýar.Gahryman Arkadagymyz beýik akyldarymyza bagyşlap
    ýazan “Ynsan kalbynyň öçmejek nury”,”Mertler Watany beýgeldýär”, “Türkmen medeniýeti”,
    “Ile döwlet geler bolsa...”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk
    sazy”, “Paýhas çeşmesi” ýaly gymmatly kitaplary türkmeniň beýik akyldar ogluna goýýan
    hormatynyň çäksizdigini aýan edýär diýip,uly buýsanç bilen nygtadylar. Söhbetleriniň
    ahyrynda çykyş edenler dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly
    sarpa goýýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly
    Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ,ömürleriniň uzak
    bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw
    etdiler.