TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA BEÝIK ÝEŇŞIŇ 79 ÝYLLYGY MYNASYBETLI “GUTLY BOLSUN BEÝIK ÝEŇŞIŇ BAÝRAMY, PARLASYN GARAŞSYZ WATAN BAÝDAGY!” ADY BILEN SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli “Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy!” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

        Şu günki söhbetdeşlikde çykyş edenler 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda we tylda edermenlik görkezenlikleri hakynda söhbet etdiler! Biz olaryň watana wepalylygynyň, edermenliginiň hem-de gaýduwsyzlygynyň, bagtyýar durmuşymyz we nurana geljegimiz üçin bitiren hyzmatlarynyň öňünde baş egýäris diýip giňişleýin gürrüň etdiler. Dabarada çykyş edenler bular hakynda aýtmak bilen  Ýeňiş hakynda  ýazylan goşgulary okadylar. Olar söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagş eden  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.