-
06
Dekabr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Bitaraplyk – baky bagtyýarlyk” atly kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlary toýa ulaşýan gözel Diýarymyzyň her bir güni tutumy ulydan tutulýan dabaraly toýlara, baýramlara beslenýär. Dabarasy dünýä ýaýylýan ýene-de bir uly toýlarymyzyň biri hemişelik Bitaraplyk baýramçylygy.
Bu taryhy waka hemişelik Bitaraplygymyzyň baýramy merdana ata-babalarymyzyň parahatçylykly durmuş, agzybir ýaşaýyş baradaky asyrlarboýy ýüreklerinde beslän arzuw – islegleriniň hasyl bolan güni hökmünde taryha girdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň özygtyýarly, Bitarap döwlet hökmünde dünýä döwletleri bilen parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýup, dünýäniň halkara giňişliginde binýady berkden tutulan kuwwatly döwletleriň hatarynda adynyň buýsanç bilen tutulýandygy aýratyn bellärliklidir.
Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň ähliumumy howpsyzlyk, syýasy durnuklylyk, ykdysady ösüş, ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda öňdengörüjilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmeginiň ygtybarly gurşawyny döredýär. Milli syýasy-ynsanperwer garaýyşlary, halkara kadalary bilen utgaşykly sazlaşýan türkmen Bitaraplygynyň adalatly ýörelgeleri döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň mizemez dostlyk ýollaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär diýip, giňişleýin gürrüň etdiler.
Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi, parahatçylyk syýasatynyň has-da dabaralanmagy ugrunda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.