TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA GÜNDOGARYŇ BEÝIK AKYLDARY WE NUSGAWY ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNE 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ”BERKARAR DÖWLET ISLÄRIN.” ADY BILEN SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyllygy mynasybetli ”Berkarar döwlet islärin.” ady bilen  söhbetdeşlik geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyllygy mynasybetli ”Berkarar döwlet islärin.” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halky üçin
    jemgyýetiň öňünde ýokary durmuş maksatlary goýýar,halkyň işlemegi,eşretli
    durmuşda ýaşamagy üçin tükeniksiz mümkinçilikler açýar we şol
    mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp,päk zähmet çekmeklige çagyrýar.
    Magtymguly külli türkmeniň bir saçagyň başyna ýygnanyp,duz-çörek iýmegini
    birek-birege ynanyşmagyň ýokary çägi,ygtybarly görnüşi hasaplaýar.Ähli halk bir
    agza garasa,uly güýjüň emele geljekdigine,öňünde hiç bir zadyň,hiç bir güýjüň
    durup bilmejekdigine şahyr ynanypdyr.Bu günki gün şahyrymyzyň arzuwlan
    zamany hasyl boldy.Bu gün dünýäde Garaşsyz ,hemişelik Bitarap Türkmenistan
    atly beýik döwlet bar.Garaşsyz ,Bitarap Türkmenistan-bu döwlet,hakykatdan-da,
    gülläp ösýän,adamzadyň ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir diýip, uly
    buýsanç bilen nygtap geçdiler.Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman
    Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň
    uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.