-
15
Awgust
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyllygy mynasybetli ”Magtymguly Pyragy –köňülleriň çyragy ” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan
gününe 300 ýyllygy mynasybetli ” Magtymguly Pyragy –köňülleriň çyragy” ady
bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyrymyz
Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň diňe bir türkmen halkynyň
akyldar şahyry bolmak bilen çäklenman, eýsem umumadamzat şahyrydygyny,
Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, watansöýüjilik, ar-namys, yşk-söýgi,
gaýratlylyk ýaly nakyla öwürlip giden gymmatly setirleri, ajaýyp goşgulary
hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň
sag,ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.