TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ “ÄNEW –MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET” ATLY GYMMATLY KITABY BARADA SYN GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň “Änew –müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly gymmatly  kitaby barada syn geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň “Änew –müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly gymmatly kitaby barada syn geçirildi.

    Bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen diňe bir
    ýurdumyzyň däl, eýsem, bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy
    Änew medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlardan, ony düýpli öwrenmekde alnyp
    barlan arheologik barlaglar baradaky gyzykly gürrüňlerden söhbet açýar. Gymmatly eser
    “Gadymy Änewiň täsinligi”, “Taryhy birleşdirýän uly wakalar”, “Ahal ýaýlasynda
    gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar” atly baplardan hem-de “Rowaýata
    öwrülen geçmiş”, “Gatar-Bagabat-Änew”, “Gadymy Änew medeniýeti”, “Änewiň
    arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan”, “Änew medeniýeti we türki dünýä”,
    “Geçmişiň syry galan toprak”, “Watan hakyndaky müdimi owaz” atly bölümlerden
    ybarat bolup, ol ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli mirasymyzy
    döwlet we halkara derejesinde giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedigi
    hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
    Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa
    goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri
    Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza
    tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.