-
02
Aprel
Hormatly Prezidentimiziň “Änew –müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly gymmatly kitaby barada tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Şöhbetdeşlikde çykyş edenler bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny hakynda giňişleýin
gürrüň etmek bilen diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, bütindünýä mirasynyň aýrylmaz
bölegi bolup durýan gadymy Änew medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlardan,
ony düýpli öwrenmekde alnyp barlan arheologik barlaglar baradaky gyzykly
gürrüňlerden söhbet açýar. Gymmatly eser “Gadymy Änewiň täsinligi”, “Taryhy
birleşdirýän uly wakalar”, “Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata
uzaýar” atly baplardan hem-de “Rowaýata öwrülen geçmiş”, “Gatar-Bagabat-Änew”,
“Gadymy Änew medeniýeti”, “Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan”,
“Änew medeniýeti we türki dünýä”, “Geçmişiň syry galan toprak”, “Watan hakyndaky
müdimi owaz” atly bölümlerden ybarat bolup, ol ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda
terbiýelemekde, milli mirasymyzy döwlet we halkara derejesinde giňden wagyz etmekde
möhüm ähmiýete eýedigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler BEKU-nyň işini talaba laýyk
dolandyrmak we guramak boýunça maksatlaýyn işleri alyp barýan kitaphanaçy
hünärmenleriň Usulýet okuwlarynyň Döwlet kitaphanasynda geçirilişi hakynda söhbet
etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa
goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.