-
28
Awgust
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Magtymguly Pyragy – köňülleriň çyragy” atly döredijilik duşuşugy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat
bölüminiň gurnamagynda “Magtymguly Pyragy – köňülleriň çyragy” ady bilen
edebi duşuşyk dabarasy geçirildi. Dabarada Magtymguly Pyragynyň Watançylyk
temasyndaky goşgulary hakynda şeýle-de akyldar şahyryň keşbiniň dürli ýyllarda
sahnalaşdyryşy hakynda gürrüň edildi.
Dünýäniň genji-hazynasyna özüniň gaýtalanmajak eserleri bilen goşandyny
goşan, öz ýaşan döwrüni şygyrlarynyň üstü bilen beýan eden Magtymguly Pyragy
ölmez-ýitmez eserleri döreden, öňden görüji dana. Magtymgulynyň şygyrlary
ýyllar geçdigiçe ýüreklere has ýakynlaşýar. Hawa, Magtymguly Pyragy diňe bir
öz döwrüniň şahyry bolman, eýsem ähli döwürleriniň şahyrydyr. Magtymguly
Pyragynyň ahlak, terbiýe, ynsanperwerlik, adamkärçilik hakyndaky şygyrlary uly
ähmiýete eýedir. Şahyryň watançylyk äheňini süňňüne siňdiren goşgulary ýaş
nesillermizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir.
Türkmeniň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz: “Bu günki gün adamzat
türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde
tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan elýetmez ylham, ruhy güýç alýar” diýip
belläp geçýär.
Türkmen medenýetini, türkmen edebiýatyny Magtymguly Pyragysyz göz öňüne
getirmek mümkin däl. Ol mähriban topragymyzyň hakyky watançysy we joşgunly
waspçysy. Şahyryň watançylyk agzybirlik, dostluk, gahrymançylyk, birleşmek
hakyndaky goşgulary edebi-çeperçilik taýdan kämillige eýe bolup türkmen
halkynyň kalbynda mydamalyk orun aldy we ýaş nesillermizi watançylyk ruhunda
terbiýelemekde gymmatly çeşmedir. Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwlet
baradaky arzuwyny hasyl edip, halkymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
galkynyşy döwründe ýaşadýan, söz ussadynyň sarpasyny has-da belende göterýän
Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarmyzyň edýän sahawatly işleri hemişe rowaç alsyn.