TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MEDENIÝET MINISTRLERI DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATYNYŇ “MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI” ATLY 1-NJI BÖLÜMÇESI GEÇIRI

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatynyň “Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi” atly 1-nji bölümçesi  geçiri

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatynyň “Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi” atly 1-nji bölümçesi geçiri

    Halkara maslahatynyň 1-nji bölümçesinde daşary ýurtlardan gelen myhmanlar şeýle hem
    biziň ýurdumyzdan gelen alymlar Magtymgulyşynaslar, medeniýet we sungat işgärleri çykyş
    etmek bilen türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada
    giňişleýin we täsirli söhbet etdiler. Magtymguly Pyragy-Gündogaryň iň bir ýagty şuglaly
    parlak ýyldyzy. Şygyr äleminiň täji. Muňa halkara maslahatyna gatnaşan myhmanlaryň,
    alymlaryň, edebiýatçylaryň, döredijilik we sungat işgärleriniň eden gyzykly gürrüňleri hem
    şaýatlyk edýär. Öz bilşimiz ýaly, Köpetdagyň eteginde bolsa türkmen halkynyň akyldar şahyry
    Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ajaýyp ýadygärliginiň
    açylmagy biziň hemmämizi diýseň begendirdi we buýsandyrdy.Halkara maslahatynyň
    ahyrynda Hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.