-
03
Maý
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” atly gymmatly kitabyndan tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň milli medeniýetini we sungatyny
ösdürmekdäki alyp barýan beýik işleri bu gün dünýä bellidir. Bu ugurda Gahryman
Arkadagymyzyň ýazan ajaýyp kitaplary: “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler
bolsa...”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy”,
“Paýhas çeşmesi” ýaly gymmatly kitaplary halkymyzyň arasynda watansöýüjilik
ýörelgelerini giňden wagyz edýän gymmatly çeşmelerdir diýip, giňişleýin söhbet etdiler.
Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak,
beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.