TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA “MIRASYM-MERTEBÄM” ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Mirasym-mertebäm” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Mirasym-mertebäm” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýan milli
    mirasymyz,däp-dessurlarymyz,türkmen halylarymyz, bedew atlarymyz, milli saz guraly bolan
    dutarymyz, medeniýetimiz we sungatymyz hakynda çykyş etdiler. Şeýle hem söhbetdeşlige
    gatnaşyjylar öz çykyşlarynda medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň täzelenmegi bilen
    kämilleşip synmaz sungata öwrülen gymmatlyklarymyzyň biri-de türkmen
    keçeleridir.Gahryman Arkadagymyzyň:”Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy
    gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr”diýip belleýşi ýaly keçe
    halkymyzyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň biridigi hakynda giňişleýin belläp
    geçdiler.Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
    Gahryman Serdarymyzyň halk bähbitli tagallalarynyň netijesinde taryhy we häzirki zaman
    medeni gymmatlykllary gaýtadan dikeltmek,aýawly saklamak we nesilden-nesle geçirmek
    ugrunda alnyp barylýan işler milli mirasa goýulýan sarpanyň nyşanydygyny uly buýsanç bilen
    nygtadylar.
    Şeýle hem “Mirasym-mertebäm” atly söhbetdeşligiň çäginde
    “Sungata öwrülen senet” atly giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.