TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA “PÄHIM PAÝHAS UMMANY, MAGTYMGULY PYRAGY!”ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Pähim paýhas ummany, Magtymguly Pyragy!”atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

    Dabarada çykyş edenler: Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar. Şeýle ajaýyp döwürde Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenmäge we ýaşlara ýetirmäge uly üns berilýär. Bu günki gün akyldar şahyryň baý döredijiligi bilim,medeniýet we döredijilik işgärleri, ählimiz üçin gymmatly hazyna öwrüldi.Şonuň üçin hem nusgawy edebiýatymyz,baý edebi mirasymyz düýpli we ählitaraplaýyn öwrenilýär diýip,uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Olar çykyşlarynyň soňunda ata Watanymyzyň,merdana halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.