TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA “PYRAGYNYŇ ADY BILEN ADYGAN”(TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI HOMMAT MÜLLÜGIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 85 ÝYLLYGYNA) ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞUGY

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Pyragynyň ady bilen adygan”(Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllügiň doglan gününiň 85 ýyllygyna) atly döredijilik duşuşugy

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Pyragynyň ady bilen adygan”(Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllügiň doglan gününiň 85 ýyllygyna) atly döredijilik duşuşugy

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň
    Sungat bölüminiň guramagynda “Pyragynyň ady bilen adygan” ady bilen
    Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara
    baýragynyň eýesi Hommat Müllügiň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap
    döredijilik duşuşygy geçirildi.
    Bilşimiz ýaly Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllügiň dörediijilik
    ussatlygy diňe teatr sungatynda däl-de eýsem, kino sungatynda-da öz aýdyňlygy
    bilen ýüze çykýar. Ol 40-dan gowrak filmde ýatdan çykmajak ajaýyp keşpleri
    döredýär. Olardan: “Aýgytly ädim” atly çeper filminde Mawynyň, “Magtymguly”
    atly çeper filminde Magtymgulynyň, “Döwranyň başdan geçirenleri” atly çeper
    filminde Döwranyň kakasynyň, “Aýal ata çykanda” atly çeper filminde Azadyň
    keşplerini uly buýsanç bilen belläp geçerliklidir.
    Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň Alp-Arslan adyndaky Drama teatryndan
    Türkmenistanyň halk artisti Döwlet Hanmämmedow, Türkmenistanyň at gazanan
    artististleri Alty Sallandyýew hem-de Akmyrat Arçykow, Aşgabat şäherindäki
    Hommat Müllikow adyndaky 23-nji orta mekdebiniň mugallymy Jemal
    Aýnazarowa, zehinli artist Hommat Müllügiň gelni Bahar Müllikowa hem-de
    agtygy Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýlar
    Müllikowa gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygyndaky myhmanlaryň gyzykly
    gürrüňleri, ýagny, artist hakyndaky ýatlamalar, kinofilmlerden görkezilen
    bölekler, Hommat Müllügiň bilen öz okan we ady dakylan Aşgabat şäherindäki
    23-nji orta mekdebindäki şahsy muzeýi hakyndaky gürrüňler we guralan sergi
    dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň
    beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň sarpasyny has-da belende göterýän
    Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
    Prezidentimiziň janlarynyň sag, başlarnyň dik, tutýan tutumly işleriniň elmydama
    rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.