TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA SUNGAT BÖLÜMINIŇ IŞGÄRLERI TARAPYNDAN TAÝÝARLANAN “SUNGAT ÄLEMINDE” ATLY TAPGYR BOÝUNÇA, ÝÖRITE USULY BIBLOGRAFIK GOLLANMALARYNA SYN

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Sungat bölüminiň işgärleri tarapyndan taýýarlanan “Sungat äleminde” atly tapgyr boýunça, ýörite usuly biblografik gollanmalaryna syn

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminde Türkmenistanyň belli-belli sungat ussatlary barada, suratkeşler, kompozitorlar, kinooktýorlardyr-režissiýorlar, teatr artistlary, tele-radio ýaýlymlarynyň halypa diktorlary barada kitaphananyň kitapdyr-gazet žurnal hazynasyndaky bar bolan ähli maglumaty bir ýere jemläp “Sungat äleminde” atly tapgyr boýunça, ýörite usuly biblografik gollanmalary taýýarlamak işi alnyp barylýar. Bu gollanmalar bolsa okyjynyň wagtyny köp sarp etmezden özüne zerur bolan maglumatlary alyp bilmekligine uly ýardam berýär. Olarda medeniýet we sungat ussatlarynyň ömri döredijiligini açyp görkezýän täsirli maglumatlar, olar baradaky kärdeşleriniň, şägirtleriniň ýatlamalary, şeýle hem sungat bölüminiň golasty hazynasynda saklanýan, ussat kompozitorlarmyzyň döreden sazlarynyň nota neşirleriniň we ses ýazgylarynyň sanawy ýerleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda bölümiň işgäri Altyn Çaryýewa tarapyndan taýýarlanan “Mikrofon maňa köp zat berdi” Türkmenistanyň halk artisti Oguljahan Mämikowanyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanýar (düzüji A. Çaryýewa) atly usuly gollanma syn geçirildi.

          Syna gatnaşan düzüji öz düzen gollanmasy barada giňişleýin gürrüň etdi we syna gatnaşan kitaphana işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

          Synyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.