-
12
Aprel
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Toýdur baýramlaryň bezegi bedew” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet
kitaphanasynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna baýramçylyk dabarasy
geçirildi. Bu baýramçylyk dabaramyza S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymlaryny myhmançylyga çagyrdyk. Bu
baýramçylykda çykyş edenler, gamyşgulak bedewlerimize ýurdumyzdaky berilýän
ünsüň uludygyny belläp geçdiler. Baýramçylygyň dowamynda inçe billi bedewler
barada ajaýyp goşgular aýdylyp, örän täsirli boldy. Baýramçylyk dabaramyzyň
dowamynda “At türkmeniň buýsanjy” atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy.
Bu kitap sergisi, dabara gatnaşyjylarda özlerini gyzyklandyrýan maglumatlaryny
almaga mümkinçilikleri döretdi.