-
13
Sentýabr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň gurnamagynda “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri we Garaşsyzlyk bagtymyz” ady bilen tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana ulgamy hem günsaýyn pajarlap ösýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi kitaba çekmekde, olarda kitaba bolan söýgini döretmekde uly işler alnyp barylýar. Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserleri nusgalyk mekdebi bolup durýar. Garaşsyzlyk – beýik ösüşler bilen öňe barýan halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň gözbaşydygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygynyň öň ýanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.