-
10
Sentýabr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň gurnamagynda “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik
ýörelgesi” atly kitaby adamzadyň durmuş tejribesine kämil garaýyş baradaky söhbediň
beýanydyr. Sebäbi Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp, tüýs türkmeniň kalbyna ýakyn
kitabynyň her bir sahypasynda halkymyzy bezeýän iň oňat gylyk-häsiýetler açylyp
görkezilýär. Onda ata-babalarymyzyň janyna deňän, ganyna siňen, halkymyzyň
durmuşyny bezäp gelen ýol-ýörelgeleri barada gürrüň edilýär.Söhbetdeşligiň
dowamynda şu kitapdaky “Zähmetsöýerlik - gaýratlylygyň gözbaşy” bölümi barada
giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli
işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.