-
18
Iýul
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi“Abu Aly ibn Sinanyň ömri we döredijiligi” atly kitaphana synyny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
we Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy
döwründe halk lukmançylygynyň tejribelerini, häzirki zaman ösen lukmançylyk ylmynyň
gazananlaryny, Ibn Sinanyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň,
Jelalletdin Hydyryň we başgada lukmançylykda yz galdyran alymlaryň miraslaryny çuňňur
öwrenmäge hem-de giňden peýdalanmaga uly itergi berilýär şeýle hem häzirki wagtda daşary
ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde Ibn Sinanyň eserleriniň türk dilinde terjime edilen
nusgalary saklanýar diýip, giňişleýin gürrüň etdiler.
Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy, halk
lukmançylygymyzy öwrenmäge halk köpçüligine giňden wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri
döredip beren, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlary sag bolmagyny, il –ýurt bähbitli işleri
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.