-
19
Aprel
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde bedew baýramçylygyna bagyşlanyp “Gadamy batly bedew” atly kitap sergisi gurnaldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň daşary ýurt
dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Gadamy batly bedew” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide
Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew” atly kitabynyň daşary ýurt dillerinde çap
edilen nusgalary goýuldy. Olardan Türkmen, iňlis, rus, hindi, hytaý, nemes dillerinde neşir
edilen Gahryman Arkadagymyzyň bedew hakynda ýazan ajaýyp kitaplary, maglumatlara
baýlygy, wakalaryň düýpli hem-de düşnikli beýan edilmegi bilen tapawutlanýar. Ajaýyp
döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine
çykaran, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp,
eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza
we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy
aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!