TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ DAŞARY ÝURT DILLERINDÄKI EDEBIÝATLAR BÖLÜMINDE “DÜNÝÄ DÖWLETLERI EÝRAN" ATLY KITAP SERGISI GURNALDY.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri Eýran" atly kitap sergisi gurnaldy.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri Eýran" atly kitap sergisi gurnaldy.

    Hormatly Prezidentimiziň: “Milli gymmatlyklar, medeniýet, sungat halklaryň
    biri-birine ýürekleriniň açylmagydyr” diýip belleýşi ýaly, çeper eserler bize
    Zeminiň dürli künjeklerinde ýaşaýan halklaryň durmuşy milli gymmatlyklary, ruhy
    dünýäsi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Edebi, medeni gatnaşyklar dostluk
    köprülerine deňelýär. Sebäbi ol täsin köpri halklary ruhy taýdan ýakynlaşdyrýar.
    Kitaphanada Eýran döwletiniň medeniýeti, edebiýaty, taryhy baradaky kitaplar
    ýerleşdirilen sergi gurnaldy. Sergide ýerleşdirilen kitaplar dostlukly halkyň däp-
    dessurlaryny, taryhyny we medeniýetini okyjylar köpçüligine tanyşdyrmaga uly
    ýardam berýär.
    Sergide esasanam Eýran döwleti bilen tanyşdyrýan taryh, edebiýaty öwreniş
    kitaplar, çeper edebiýatlar, sergilendi. Bu sergi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
    Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini we edebiýatyny öwrenmäge aýratyn ähmiýet
    berilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli
    Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp
    sagbolsun aýdýarys!