TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ HYZMAT EDIŞ BÖLÜMINDE “KEÇE SAGLYK ÜÇIN PEÝDALY”ADY BILEN SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminde “Keçe saglyk üçin peýdaly”ady bilen  söhbetdeşlik geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminde “Keçe saglyk üçin peýdaly”ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny,
    milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Gadymy mirasa baý halkymyzyň sungat derejesine ýeten
    gymmatlyklary sanardan köp. Şolaryň içinde türkmen keçesine uly orun
    degişlidir. Ähli döwürlerde türkmen ojagynyň bezegi, hojalygyň zerur
    serişdesi bolan keçe önümlerine ata-babalarymyzyň gözellik
    garaýyşlary, ruhy dünýäsi, durmuşy, taryhy siňdirilip, halkymyzyň
    gadymy keçe taýýarlamak senediniň inçe syrlaryny, keçe önümleriniň
    köpdürlüligini, onuň gülleriniň many-mazmunyny,halkymyzyň ruhy
    dünýäsinde tutýan orny barada giňişleýin söhbet edildi.
    Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler dünýä edebiýatynda
    öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen
    halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly
    Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,
    ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň
    rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.