-
11
Iýul
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminde “Magtymgulyň berkararlyk arzuwy”- ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe, “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylan
ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen
halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny,
ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy.Magtymguly Pyragynyň şygyrlary
türkmen ruhunyň aýnasy deýin adamlaryň köňül duýgusyny özüne birleşdirýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi jemgyýetiň syýasy-ykdysady ösüşine binýat
bolýan taglymlaryň çeşmesi hökmünde medeni-syýasy durmuşda ebedi orun aldy.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete
eýe bolup durýar. Özüniň geljek hakdaky arzuwlaryny şygra siňdiren ussadyň
pähim-paýhasy ummana deňelýär.Umman bolsa ebediligiň alamatlandyrylmasydyr
diýip, giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan
beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň milli Liderimiz
Gahryman Arkadagymyzyň ,Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli
işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.