TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ NEŞIRLERI TOPLAÝYŞ BÖLÜMINDE KITAPHANA TÄZE GELEN NEŞIRLERE BAGYŞLAP KITAPHANA SYNY GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminde kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana syny geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminde kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana syny geçirildi.

    Kitaphana synynda «Arkadag hem Pyragy – köňüller şamçyragy» atly kitaby barada
    kitaphana syny gecirildi. Bu kitapda dünýä medeniýetiniň baýlaşmagynda türkmen
    halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gündogaryň akyldary, dünýä
    edebiýatynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda söhbet
    edildi.
    Şeýle-de ýaňy-ýakynda neşir edilen Gurbanjemal Ylýasowanyň awtorlyk we
    redaktorlyk eden “XX asyrda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi”
    (Akademik Baýmuhammet Garryýewiň ylmy mirasynyň mysalynda) we “Görnükli
    Magtymgulyşynas” (Akademik Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewiň doglan gününiň
    110 ýyllygyna bagyşlanylýar) atly kitaplary bilen tanyşdyryldy. Bu kitaplarda alym
    Gurbanjemal Ylýasowanyň uzak ýyllaryň dowamynda türkmen edebiýatyny
    öwrenmekde ýerine ýetiren işleriniň miwesi öz beýanyny tapdy diýip kitaphana
    synynda çykyş edenler belläp geçdiler.