TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ NEŞIRLERI TOPLAÝYŞ BÖLÜMINE WE KITAPHANA TÄZE GELIP GOWŞAN EDEBIÝATLARDAN KITAPHANA SYNY GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

    Kitaphana synyna gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri” atly kitaby bilen tanyşdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitaby dowamly çap edilýän senenamalaýyn neşir bolup, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara toplumlaýyn seljerme berilýädigini belläp geçdiler.

           Kitap synynyň dowamynda Gülälek Hangeldiýewanyň “Magtymgulynyň şygryýet äleminde türkmen halk nakyllary” atly kitaby bilen tanyşdylar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen bu kitap Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny milli ruhy gymmatlyklarymyzyň biri bolan nakyllar bilen utgaşyklykda öwrenmekde ygtybarly gollanma boljakdygyny nygtadylar.

         Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurduň, halkyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän, il-gününe eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.