TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ PATENT- TEHNIKI EDEBIÝATLAR BÖLÜMI KITAPHANA GELIP GOWŞAN TÄZE EDEBIÝATLARDAN KITAPHANA SYNY GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent- tehniki edebiýatlar bölümi kitaphana gelip gowşan täze edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent- tehniki edebiýatlar bölümi kitaphana gelip gowşan täze edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

    Kitaphana synynda çykyş edenler “Pähim-paýhas ummany
    Magtymguly Pyragy” atly ýylymyzda gelip gowşan “Magtymguly,
    sözle bu şirin dilde” diýen kitapda Magtymguly Pyragynyň doglan
    gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy makalalar ýygyndysy beýan
    edilipdir. Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy,
    Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ynsan kalbynyň öçmejek
    nurydyr. Magtymguly atamyz özüniň ölmez-ýitmez edebi döredijiligi
    bilen döwrüniň durmuşy, syýasy, jemgyýetçilik meselelerine öz sesini
    goşupdyr. Berkarar döwletli bolup, erkin ýaşamak, Watany, halky
    söýmek, adalatly, ynsan mertebesini dabaraldyrmak şahyryň baş
    ýörelgesi bolupdyr. Onuň pähim-parasata eýlenen goşgulary adamzat
    nesliniň kalbynda baky orun aldy. Şahyryň il-ýurt, berkakarar döwlet
    agzybirlik, hoşniýetlilik, ynsaplylyk, sahawatlylyk baradaky öwüt-
    ündewleri, nesillerine goýup giden nesihatlary biziň bu günki eşretli
    durmuşymyzyň özenini emele getirýändigi barada gürrüň edildi.
    Kitaphana synynda çykyş edenler adamzat nesliniň öçmejek
    şamçyragy Magtymguly Pyragyny çuňňur hormatlaýan hem-de
    sarpalaýan Gahryman Arkadgymyzyň, Arkadagly Gahryman
    Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny arzuw etdiler.