-
01
Oktýabr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi “Türkmen şygyrýetiniň dürdäneleri” atly kitap sergisi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär.. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesilere taryhymyzy- edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan kitaphana gelýän okyjylaryň gatnaşmagynda “Türkmen şygyrýetiniň dürdäneleri ” atly kitap sergi gurnaldy. Kitap sergä gatnaşan okyjylarda uly täsir galdyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, “Ýaşlar watanyň daýanjy” atly kitabynda seýle diyär. Eýsem, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofý Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr, - diýip belläp geçýär. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.