TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ SEÝREK NEŞIRLER BÖLÜMI ‘’TÜRKMENISTANYŇ GADYMY ÝÄDYGÄRLIKLERI ” ATLY KITAPDAN KITAPHANA SYNY GEÇIRILDI.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölümi  ‘’Türkmenistanyň gadymy ýädygärlikleri ” atly kitapdan kitaphana  syny geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi ‘’Türkmenistanyň gadymy ýädygärlikleri ” atly kitapdan kitaphana syny geçirildi.

    Kitaphana synynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy”  diýip atlandyrylan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyz,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň , medeniýetini, taryhy medeni ýädygärlikleri öwrenmeklige giň ýol açyldy.Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň bu günki gazanýan üstünlikleri hemmeleri guwandyrýar. Taryhymyzy dikeltmek ugrunda ilhalar işler amala aşyrylýar, çünki “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz” diýlişi ýaly, geçmişde türkmen topragynda ýaşap, onuň bilen bagryny badaşdyran, ony janyndan eý gören şahsyýetler bu günki gün geljekki nesil üçin görüm-göreldedir, asylly terbiýäniň mekdebidir. Ýurdumyzyň Milli mirasyny taryhyny   ösüp gelýän ýaş nesillere  ýetirmekde we kitaba bolan höwesini döretmekde ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak babatda uly aladalar  edilýänligi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Kitaphana synynyň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen,  halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.