-
23
Aprel
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminde “Magtymguly Pyragy –söz ummanyň şasy”- atly kitap sergi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim–paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylan ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň
taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini,
sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol
açyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek
bilen bir wagtyň özünde adamlaryň aň-düşünjesini döwrebap özgertmek, ruhy
dünýäsini baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär.Ýurdumyzda edebi mirasy
öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden
gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we
ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete
eýe bolup durýar. Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminde
“Magtymguly Pyragy –söz ummanyň şasy”- atly kitap sergi gurnaldy.
Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa
goýýan türkmen halkynyň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag
bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň
rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.