TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ SEÝREK NEŞIRLER BÖLÜMINDE “ ORTA ASYRLARDA ÖSEN ŞÄHERLER ”- ATLY KITAP SERGI GURNALDY.

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminde “ Orta asyrlarda ösen şäherler ”- atly kitap sergi gurnaldy.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminde “ Orta asyrlarda ösen şäherler ”- atly kitap sergi gurnaldy.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen halkynyň
    milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz
    Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-
    medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi.
    Şol mynasybetli hem Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga
    zalynda gurnalan sergimiz “Orta asyrlarda ösen şäherler” atly kitap gurnaldy.
    Kitap sergimize Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň
    talyplarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Bölümiň okalga zalynda gurnalan sergide
    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan
    syzylyp çykan ajaýyp eseri Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet-
    atly kitabynda Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň
    biridir.Änew şäheri diňe taryny bilen däl eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak
    geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekip
    bilýär. Ýurdumyzyň ähli künjegi, şol sanda gadymy Ahal topragy hem beýik
    taryhy ösüşlere baýdyr. Şeýle wakalardan ruhlanyp taýýarlan şu kitabym eziz
    halkymyza sowgadym bolsun! diýip kitapda belläp geçýär. Ýurdumyzda edebi
    mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň
    jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige,
    medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik
    döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag
    bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň
    rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.