-
19
Aprel
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sorag-jogap bölümi “Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy” atly söhbetdeşligini geçirdi.
Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy ýoly bar.Ol taryhy ýol baý
medeni mirasda jemlenendir. Şeýle gymmatly mirasyň aýdyň mysaly bolsa Magtymguly
Pyragynyň baý döredijiligidir. Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň we bütin
adamzadyň kalbynda çuňňur orun alan şahyr. Ol döredijiliginde halkymyzyň egsilmez
baýlygy bolan milli mirasymyzdan ylham we kuwwat alýar, hut şonuň üçin hem onuň
goşgulary halk köpçüligi üçin örän düşnükli boluň ruhuňa ornaşýar.Magtymguly
Pyragynyň edebi mirasyny öwrenenimizde milli ýörelgelerimize, nesil terbiýesine
ýüzlenýäris. Şunda dana şahyryň eserleri aýratyn ähmiýete eýe bolup, ençeme nesilleriň
kemala gelmeginde uly orun tutýar. Akyldar şahyryň goşgularyny ýaş nesillere
öwretmek bilen, olarda milli gymmatlyklara bolan belent sarpany terbiýelemek bolýar
diýip, giňişleýin gürrüň etdiler.Olar çykyşlarynyň soňunda ata Watanymyzyň,merdana
halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman
Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,alyp
barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.