-
23
Oktýabr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri W. Massonyň we W.Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygyna bagyşlanyp kitaphana syny geçirildi.
Diýarymyzyň çar künjegindäki taryhy ýerler dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň üns merkezinde. Ömrüni şu topragyň taryhyny öwrenmeklige bagyşlan alymlaryň hatarynda Mihail Ýewgenýewiç Massonyň, onuň ogly Wadim Mihaýlowiç Massonyň, Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň atlary halkymyza ýakyndan tanyşdyr. Olaryň gadymy Merwiň, Änewiň, Nusaýyň, Altyndepäniň syrlaryny dünýä ýaýmakdaky hyzmatlary uludyr.
Synyň ahyrynda baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagy, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.