TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ SUNGAT BÖLÜMINIŇ GURAMAGYNDA “TÜRKMEN SAHNASYNYŇ BEÝIK USSADY” ADY BILEN TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI SONA MYRADOWANYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 110 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP GEÇIRÝÄN DÖREDIJILIK DUŞUŞUGY

  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Türkmen sahnasynyň beýik ussady” ady bilen Türkmenistanyň halk artisti Sona Myradowanyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlap geçirýän döredijilik duşuşugy

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Türkmen sahnasynyň beýik ussady” ady bilen Türkmenistanyň halk artisti Sona Myradowanyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlap geçirýän döredijilik duşuşugy

    Dabarada çykyş eden myhmanlar – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen milli sungatynyň şan-şöhraty has-da ýokarlanýar. Aýdym-saz, teatr, ekran sungatlary jemgyýete ruhy taýdan täsir etmekde hyzmat edýär. Ýene bir guwanmaly zat, aýdym-saz ugry türkmen okyjysy, tomoşaçysy üçin söýgüli ugur bolup durýar. Aslynda, aýdym-saz kinonyň özboluşly dilidir. Aktýor, artist üçin bolsa teatr edil öz öýi ýalydyr. Sebäbi ol teatrda ruhy taýdan ösýär, döredijilik ýolunyň basgançaklaryna galýar. Özüni açýar, barha öz käriniň ussadyna öwrülýär. Aktýorlyk işine öz kärine tüýs ýürekden çyn kalbyndan berlip işlemek bilen öz ýoluny tapýar. Kämilleşýär, ussat artiste öwrülýär. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatryndan Türkmenistanyň halk artistlary Orazgül Abbasowa, Muhammetguly Kasymow hemde Gülälek Akmyradowadagylar ussat artist Sono Myradowa hakyndaky gyzykly ýatlamalary gürrüň berdiler. Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan her bir ynsan çeken zähmetiniň rehnetini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar, aramyzdan giden ussatlarymyz apalanýar, sarpalanýar diýip belläp geçdiler.

    Türkmenistanyň halk artisti Sona Myradowanyň dörediijilik ussatlygy diňe teatr sungatynda däl-de eýsem, kino sungatynda-da öz aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Ol birnäçe filmlerde ýatdan çykmajak ajaýyp keşleri döredýär. Dabaranyň dowamynda Sona Myradowanyň döreden keşplerinden pursatlara tomoşa etdiler.

    Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň sarpasyny hasda belende göterýän Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza rowaçlyk arzuw edip, janlarnyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.