-
22
Awgust
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň “Türkmen zenanlarynyň milli başatgyçlary: kürte we düýpli gyňaç” atly geçiren kitaphana syny
Türkmen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly
bölümi “Türkmen zenanlarymyzyň başatgyçlary bolan kürtesi we düýpli gyňajy”
barada kitaphana synyny berdi. Synyň dowamynda türkmen gelin-gyzlarynyň el
işleri, keşdeleri, kürtäň we düýpli gyňajyň nädip taýýarlanylyşy barada gürrüň
berildi. Nagyşlary däne-däne bolup duran, nepislik äleminiň soltany saýylýan
kürtelerimiz türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklaryndan owazlanyp, kämillik
derejesine ýetirilen sungat eserleridir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Enä
tagzym-mukaddeslige tagzym” atly eserinde: “Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp
keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly” diýip belleýşi
ýaly, inçe el senetleri gyzlaryň her biriniň kiçilikden öwrenýän hünäri bolup,
eneden-gyza nesilme-nesil geçirilip gelnipdir.
Milli el işleriniň ählisiniň diýen ýaly reňki ene topragymyzda bitýän ot-çöplerden
alynýar. Inçeden egrilen ýüpekler tebigi boýag bilen boýalyp, soňra dokalýar.
Gözellerimiziň atynýan düýpli gyňaçlary hem olaryň görküne görk goşýar. Ene-
mamalarymyz esasanam „aýgoçak“, „sekiz goçak“, „çakmak“, „dagdan“ ýaly
nagyşlary salyp dokapdyrlar. Ak nagyşlaryna bolsa „goşa goçak“, „ak guw“, „orak
dişi“, „gulpak“ salypdyrlar. Düýpli gyňajy dokamak üçin her biri başam barmak
ýaly ululygynda bili boglan ak piläniň iň saýlama gozalaryny ene-mamalarymyz
saýlap alypdyrlar. Gozalar gazana salynyp gaýnadylandan soň, ýumşap uç
çykarýar. Ezber zenanlarymyz ýüpek pilesinden inçe edip sapak çekip, ony gatlap
işip, her dürli reňk bilen boýap, düýpli gyňajy dokamaga taýýarlapdyrlar. Çöp
boýa, sarygül, hozuň, naryň gabygyndan alnan boýaglar gyňaçlarymyzy has-da
göze gelüwli gorkezýär. Bir düýpli gyňajy dokamak üçin azyndan bir aý wagt
gerek bolýar. Düýpli gyňaç boldum edilensoň, reňklerine görä, ýüpek seçek bilen,
ýüpegiň boýuny bir serä ýetirip seçeklenýär.
Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli
mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylýar. Sungat
derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmadyny belentde tutýan
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!