“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY MILLI DEMOKRATIÝANYŇ AÝDYŇ NUSGASY” ADY BILEN TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI.

  • “Türkmenistanyň Halk Maslahaty Milli Demokratiýanyň aýdyň nusgasy” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

    “Türkmenistanyň Halk Maslahaty Milli Demokratiýanyň aýdyň nusgasy” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä,türkmenler halkyň öňe çykaran ,saýlan adamlaryna,il-ulsuň wekillerine, ýaşululara hemişe sylag-hormat bilen garapdyrlar.Çünki olar milli däpleri we durmuş paýhasyny nesilden-nesle geçirip sarpalapdyrlar.”Halkda Hakyň ady bar”,”Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”,”Geňeşli salamat bolar” diýen ýaly pähimleri döreden parasatly pederlerimiz her bir işde il-halka geňeşipdir.Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen türkmen halkynyň Milli Lideri , Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.Şanly senäniň-eziz Watanmyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirlen umumymilli forum halk bilen häkimýetiň özara jebisligini ,bitewüligini ýene bir ýola aýdyňlygy görkezildi diýip,uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.