-
19
Awgust
“Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk”
Paýtagtymyzdaky “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň Galkynyş otagynda Aşgabat
şäher Zenanlar bölüminiň gurnamagynda ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk
Maslahatyna görülýän taýýarlyk hakynda söhbetdeşlik geçirildi.
Bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet
kitaphanasynyň halypa işgärleri hem öz täsirli çykyşlary bilen gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde
çykyş edenler “Türkmenistanyň nobatdaky Halk Maslahatnda türkmen jemgyýetiniň hem
döwletiniň durmuşyna degişli örän derwaýys we wajyp ähmiýetli meseleler halka hususan-da,
pähim-parasatly gojalarymyza sala salnyp, ara alnyp maslahatlaşylmagy nesilbaşymyz Oguz
han atamyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli demokratiýamyzyň döwrebap hem kämil nusgasy
bolar” diýip bellediler. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy
bilen geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ýurdumyzyň geljegi üçin wajyp ähmiýete
eýe bolan kararlar oňa gatnaşyjy ählihalk wekilleri bilen açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda ara
alnyp maslahatlaşylar diýip, belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik
işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.