TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY BERDINAZAR HUDAÝNAZAROWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 95 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

  • Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi

    Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi

    Türkmenistanyň Halk ýazyjysy,Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarowyň eserleri türkmen okayjylaryna giňden mälimdir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýazyjynyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berdinazar Hudaýnazarowyň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen,olar ýazyjynyň kyssalary we ajaýyp şygyrlary hakynda gürrüň etdiler.Ýazyjynyň eserleriniň many-mazmuny örän giňdir we köptaraplydyr.Onda türkmen topragynyň ajaýyp tebigaty,ynsan häsiýetleri,Garagum çölüniň baý ösümlik dünýäsi,we beýleki durmyş wakalary hakynda giňişleýin söhbetler edilýär.