-
05
Awgust
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp, onlaýyn söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýyn söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlige TDMM Döwlet kitaphanasy, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy we Mary şäher kitaphanasy gatnaşdylar.Şahyr Orazguly Annaýew öz döredijiligi hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda öz ylhamyna- ylham goşýan ýurdumyzyň ajaýyp ösüşleri, hormatly Prezidentimiziň Öz halkynyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadanlygy üçin alyp barýan beýik işleri, ady dünýä dolan täze başlangyçlary, ynsanperwer syýasaty hakynda giňişleýin gürrüň etdi. Şahyr şu günler ýurdumyzyň geçmiş taryhy hakynda ýazýan taryhy romany barada hem söhbet etmek bilen, onlaýn arkaly söhbetdeşlikde berlen dürli soraglara jogap berdi. Onlaýn söhbetdeşligi gyzykly hem täsirli geçdi. Söhbetdeşlige gatnaşan kitaphana ulgamynyň işgärleri hem öz çykyşlarynda ýazyjy Orazguly Annaýewe mundan beýläk hem jan saglyk, döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.
Söhbetdeşliginiň soňunda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary,döredip beren giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsunlar aýdyldy.